Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerine we ähli ildeşlerimize Türkmenistanyň milli pul birligi - manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyry iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: 

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. 

Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamy boýunça wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

22.06.2017ý.

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet pul-karz syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de bu ulgamda ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipelere garaldy.

    Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowy, maliýe ministri M.Muhammedowy, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryny göni aragatnaşyga çagyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

02.06.2017  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

Onda pudaklaryň geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde wise-premýerler, ministrleriň käbirleri, welaýatlaryň häkimleri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler hem-de olaryň işine baha berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabineti şu ýylyň geçen iki aýynda ykdysadyýetde alnyp barlan işleriň jemlerini jemledi

03.03.2017 Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

25.01.2017 Hormatly Prezidentimiz Daşoguz şäherinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň berjaý edilişi seljerildi, döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we ýakyn geljek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlendi. Mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy

Penşenbe, 06 oktýabr 2016 Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadaka berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy.

Hormatly raýatlar!

Türkimenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky we onuň garamagyndaky ähli şahamçalarynda halkara töleg ulgamy bolan VISA, MASTERCARD bank kartlaryny açmaklyk, şeýle hem bu kartlaryň hasabyny doldurmak boýunça hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz.