• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

«Talyp tölegi» ― Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň täze onlaýn hyzmaty

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sanly ykdysadyýete geçirmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky özüniň onlaýn hyzmatlarynyň sanyny barha artdyrýar. Bu hyzmatlaryň her biriniň ilata dürli amatlyklary döredýändigini biz öz tejribämizde görüp gelýäris.

Bankymyzyň täze «Talyp tölegi» hyzmaty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyplarymyzyň töleg işini ýeňilleşdirmekden we döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr.

«Talyp tölegi» hyzmaty arkaly talyplar bankymyzyň  https://halkbank.gov.tm/ resmi internet-sahypasynda ýerleşdirilen «Onlaýn-tölegler» atly bölümden bank kartlary arkaly okuw tölegini onlaýn usulda geçirip bilerler.

Täze «Talyp tölegi» hyzmaty talyplara we olaryň ene-atalaryna birnäçe ýeňillikleri hödürleýär. Ine, olaryň käbiri:

― ilkinji nobatda, talyp ýa-da onuň ýakyn hossary tölegi geçirmek üçin banka barmak bilen bagly wagtyny tygşytlaýar;

― nagt tölegde talypdan birbada bir ýyllyk ýa-da alty aýlyk tölegi geçirmeklik talap edilýän bolsa, onlaýn hyzmatymyz arkaly bir ýa-da birnäçe aýlyk tölegi hem geçirmek mümkinçiligi;

― töleg üçin talybyň özüniň ýa-da onuň ýakyn hossarynyň (ene-atasynyň, doganlarynyň, garyndaşlarynyň) «Altyn asyr» bank karty ulanylyp bilner;

― onlaýn töleg hepdäniň islendik gününde, gije-gündiziň islendik wagtynda elýeterlidir;

― «Talyp tölegi» onlaýn bank hyzmaty arkaly geçirilen tölegler boýunça tölegiň güwanamasyny almak mümkinçiligi.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin bildirilýän talaplar:

― Her bir talyp okaýan ýokary okuw mekdebinden özüniň şahsy belgisini (logini) we açar sözüni alyp, bankymyzyň internet sahypasyndaky ýörite bölüme şol maglumatlary girizmeli we öz şahsy otagyna girmeli;

― hyzmatdan peýdalanmak üçin töleg geçirilýän kartyň CVC koduny bilmeli we bank kartyna SMS hyzmaty birikdirilen bolmaly.

Bankyň täze hyzmatyndan peýdalanyň!

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky.