Biz barada

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky

Türkmenistan özüniň döwlet ösüşiniň täze tapgyryna girişmek bilen, dünýä ykdysady ulgamyna ynamly goşulýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren täze başlangyçlary bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny döretmäge gönükdirilendir.

Dowamy...

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB häzirki wagtda

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB öz işini özgertmek bilen diňe bir özüniň müşderilerini saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň maliýe bazarynda öz ornuny hem pugtalandyrdy. Bank köp ýyllaryň dowamynda özüniň öňden gelýän müşderilerini saklap galmaga çalyşýar, iş usullarynyň has çeýe görnüşlerini durmuşa ornaşdyrýar.

Dowamy...

Bankyň taryhy

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky öz taryhyny XX asyryň 20-nji ýyllarynyň başlaryndan alyp gaýdýar. 1924-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde Söwda-senagat bankynyň türkmen bölümi açyldy. 1928-nji ýylda senagaty we elektrik hojalygyny uzak wagtlaýyn karzlaşdyrmak diňe bir banka tabşyrylýar. SSSR-iň HKG-niň 1928-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky karary bilen Prombankyň we Elektrobankyň gysga möhletli amallary Döwlet bankyna geçirilýär. 1958-1959-njy ýyllarda Selhozbankyň we beýleki banklaryň bölümleri ýatyryldy, olaryň iş wezipeleri Döwlet bankyna we soňra düýpli maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek boýunça Stroýbank diýlip atlandyrylan Bütinsoýuz banky bolan Prombanka geçirilýär.

Dowamy...

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

Germaniýanyň iri banklarynyň 2-si bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy biziň müşderilerimize dünýäniň islendik künjeginde tranzaksiýa amallaryny geçirmäge, konwersiýa amallaryny dessine amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Dowamy...

Maliýe görkezijileri

2010-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň resmi maliýe hasabatlary

Dowamy...

“Şapak” kottejler toplumy

Hormatly Myhmanlar!

Türkmenistanyň ajaýyp künjegi bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurlan “Şapak” hojalyk jemgyýeti kottejler toplumynda dynç almak we öz saglygyny berkitmek isleýän jahankeşdelere garaşýarys.

Dowamy...

Hyzmatdaşlyk

Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk

Banky döretmegiň esaslary we maksatlary

1990-njy ýylyň 29-njy maýynda Parižde bu banky döretmek baradaky ylalaşyga gol çekilýär. Bu Resminama 1991-nji ýylyň 28-nji martynda güýje girýär. Bank Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň açyk, bazara gönükdirilen, ykdysady, hususy telekeçilik uzakmöhletleýin başlangyçlaryny goldaýar; şeýle hem toplumlaýyn ykdysady özgertmeleri, şol sanda monopolizasiýanyň garşysyna gönükdirilen we bu ýurtlaryň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berýän taslamalaryny maliýeleşdirýär. Bu maksatlara ýetmek üçin Bank öz agzalary bilen şeýle hem işi alyp barmagyň dowamynda Halkara walýuta gaznasy, Halkara maliýe korporasiýasy we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Dowamy...

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky

H. Annadurdyýew (2026) köç., 54,

Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Aşgabat (Baş ofisi):

(99312) 44-72-62; 44-71-19