Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky

Türkmenistan özüniň döwlet ösüşiniň täze tapgyryna girişmek bilen, dünýä ykdysady ulgamyna ynamly goşulýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren täze başlangyçlary bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň nusgasy eýeçiligiň dürli görnüşleriniň deň derejeli hukuk ýagdaýyny we telekeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek, hususan-da, kiçi we orta telekeçligi ösdürmek şertlerinde hojalygy ýöretmegiň bazar ýörelgelerine geçmekdir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde Türkmenistanyň banklaryna aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen banklarynyň biridir. Bu bank häzirki zaman bank tehnologiýalaryny özleşdirýär we öz müşderileriniň zerurlyklaryny ugur edinip hem-de bank hyzmatlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirýär, öz müşderilerine ýokary derejede hyzmaty bank amallarynyň syrlaryny kepillendirýär, goýumçylaryň maliýe serişdeleriniň ygtybarlylygyny we bähbitliligini üpjün edýär. Bank işewür adamlary özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrýar we göwrümine we eýeçilik görnüşlerine garamazdan, ähli müşderiler bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Häzirki wagtda bank aşakda görkezilen pudaklara hyzmat edýär:

  • Nebitgaz toplumy
  • Energetika toplumy
  • Ulag we aragatnaşyk
  • Gurluşyk toplumy
  • Senagat toplumy
  • Himiýa senagaty
  • Syýahatçylyk
  • Ykdysadyýetiň hususy we döwlete degişli bölegi

Içerki maliýe bazaryndan toplanylan iş tejribesi, oýlanyşykly maliýe syýasaty, ýokary derejeli işgärler topary, häzirki zaman tehnologiýa çözgütleri, bank etiketini üýtgewsiz berjaý etmek müşderilere ýokary hilli we netijeli hyzmaty amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bank öz müşderilerine bank hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlemek bilen müşderiniň toplumlaýyn wezipelerini çözmegi özüniň ileri tutýan işi hasaplaýar, şunda onuň hakyky zerurlyklary her bir müşderä aýratyn çemeleşmek arkaly çözülýär we toparlaýyn müşderiler üçin hem, aýry-aýry adamlar üçin hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky bank amallarynyň dürli görnüşlerini amala aşyrmak bilen, öz müşderilerine maliýe ulgamynda dogry ugry saýlap almaga, öz serişdelerini netijeli ulanmaga ýardam berip, bank hyzmatlarynyň amatly şertlerini üpjün edýär.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky

H. Annadurdyýew (2026) köç., 54,

Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Aşgabat (Baş ofisi):

(99312) 44-72-62; 44-71-19