Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk

Banky döretmegiň esaslary we maksatlary

1990-njy ýylyň 29-njy maýynda Parižde bu banky döretmek baradaky ylalaşyga gol çekilýär. Bu Resminama 1991-nji ýylyň 28-nji martynda güýje girýär. Bank Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň açyk, bazara gönükdirilen, ykdysady, hususy telekeçilik uzakmöhletleýin başlangyçlaryny goldaýar; şeýle hem toplumlaýyn ykdysady özgertmeleri, şol sanda monopolizasiýanyň garşysyna gönükdirilen we bu ýurtlaryň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna ýardam berýän taslamalaryny maliýeleşdirýär. Bu maksatlara ýetmek üçin Bank öz agzalary bilen şeýle hem işi alyp barmagyň dowamynda Halkara walýuta gaznasy, Halkara maliýe korporasiýasy we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky bilen hyzmatdaşlyk

Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky bilen 2010-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanda döredilen we öz işini biziň ýurdumyzda alyp barýan kiçi we orta kärhanalary maliýeleşdirmek hakynda Karz ylalaşygy baglaşyldy. Bu Ylalaşygyň çäklerinde kiçi we orta kärhanalarynyň, şeýle hem telekeçilere karz bermek üçin maliýe serişdeleri goýberilýär.

Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk aşakda görkezilen goşmaça tehniki hyzmaty öz içine alýar:

  1. Geljekde bankyň üsti bilen Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň taslamalaryna laýyk gelýän esasda goşmaça karz maliýe serişdelerini almak
  2. Bank tehnologiýalaryna we müşderilere baha bermek we monitoring hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin goldaw bermek
  3. Kärhananyň düzüm gurluşyna täsiri ýokarlandyrmak maksady bilen, maslahatlary bermek
  4. Hususy kärhanalar üçin amala aşyrylýan hyzmatlaryň täsirini ýokarlandyrmak üçin ýardam bermek
  5. Hususy bölümi goldamak we höweslendirmek maksady bilen hünär we tejribe okuwlaryny geçirmegi guramaga ýardam bermek

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky

H. Annadurdyýew (2026) köç., 54,

Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Aşgabat (Baş ofisi):

(99312) 44-72-62; 44-71-19