Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky öz taryhyny XX asyryň 20-nji ýyllarynyň başlaryndan alyp gaýdýar. 1924-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde Söwda-senagat bankynyň türkmen bölümi açyldy. 1928-nji ýylda senagaty we elektrik hojalygyny uzak wagtlaýyn karzlaşdyrmak diňe bir banka tabşyrylýar. SSSR-iň HKG-niň 1928-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky karary bilen Prombankyň we Elektrobankyň gysga möhletli amallary Döwlet bankyna geçirilýär. 1958-1959-njy ýyllarda Selhozbankyň we beýleki banklaryň bölümleri ýatyryldy, olaryň iş wezipeleri Döwlet bankyna we soňra düýpli maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek boýunça Stroýbank diýlip atlandyrylan Bütinsoýuz banky bolan Prombanka geçirilýär.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-nyň taryhynyň üýtgemegine täsir edýär. Ozal bar bolan “Türkmenpromstroýbank” “Inwestbank” paýdarlar maýa goýum täjirçilik bankyna öwrülýär. Bu bank ilkinjileriň biri bolup, milli we daşary ýurt walýutasynda amallary geçirmäge ygtyýarnama hem-de maýa goýum edarasy hökmünde iş geçirmäge mümkinçilik berýän Türkmenistanyň Ykdsydayýet we maliýe ministrliginiň № 1 ygtyýarnamasyny alýar, bu bolsa raýatlar bilen işlemäge hukugy bolan maýa goýum edarasy hökmünde gymmat bahaly kagyzlar bazarynda işleri geçirmäge hukuk berýär. Şu derejede bank 1991-nji ýylda 1999-njy ýyla çenli işledi.

1999-njy ýylyň ýanwarynda “Inwestbank” Paýdarlar maýa goýum täjirçilik banky ýöriteleşdrilen döwlet täjirçilik bankyna öwrülýär. Ol senagaty we senagat düzümini maliýeleşdirmäge gönükdirilip, döwlete degişli bolmadyk ykdysadyýetiň hukuk taraplaryna, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalara, şeýle hem şahsy taraplara hyzmat etmäge hukuk berýär.

2000-nji ýylyň aprelinde “Inwestbank” Paýdarlar maýa goýum täjirçilik banky Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky

H. Annadurdyýew (2026) köç., 54,

Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Aşgabat (Baş ofisi):

(99312) 44-72-62; 44-71-19