• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB häzirki wagtda

 

 

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB öz işini özgertmek bilen diňe bir özüniň müşderilerini saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň maliýe bazarynda öz ornuny hem pugtalandyrdy. Bank köp ýyllaryň dowamynda özüniň öňden gelýän müşderilerini saklap galmaga çalyşýar, iş usullarynyň has çeýe görnüşlerini durmuşa ornaşdyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB köp şahamçaly ulgamy döretdi. Türkmenistanyň çäklerinde bankyň Merkezi diwany we 23 şahamçasy hem-de 2 bank gullugy hereket edýär. Daşary ýurt walýutasyny çalyşýan nokatlaryň 30 sanysy ähli welaýat merkezlerinde we ýurdumyzyň etraplarynda ýerleşdirilendir, olaryň biri bolsa gije-gündizleýin tertipde işleýär. Bankyň şahamçalarynda “Ýyldyrym” pul geçirmeleri we “Western Union” daşary ýurt walýutasynda pul geçirme ulgamlary işleýär.

Banka ýolbaşçylyk etmek Müdiriýetiň başlygy we onuň iki orunbasary tarapyndan amala aşyrylýar. Bankyň müdiriýetiniň agzalary Müdiriýetiň başlygy tarapyndan müdirlikleriň ýolbaşçylaryndan bellenilýär we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylýar. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB müdirliklerden we özbaşdak bölümlerden ybaratdyr:

  • Maliýe-ykdysady müdirligi
  • Bugalter hasabaty we hasabat müdirligi
  • Içki audit müdirligi
  • Karz amallary müdirligi
  • Halkara amallary müdirligi
  • Hasaplaşyk we kassa amallary müdirligi
  • Pul dolanyşygy müdirligi
  • Bank kart müdirligi
  • Hukuk müdirligi
  • Awtomatizasiýa müdirligi
  • Iş dolandyryş müdirligi
  • Işgärler bilen işleýän müdirligi
  • Inžener-tehniki bölümi
  • Amallara gözegçilik we monitoring bölümi
  • Maglumat howpsuzlyk bölümi
  • Howpsuzlyk bölümi

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň beýleki banklary bilen bilelikde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga öz goşandyny goşýar. Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna goldanyp, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB öz işinde senagat, ulag, aragatnaşyk, söwda ýaly pudaklary maliýeleşdirmek meselelerine aýratyn üns berýär.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB karzlaşdyryş syýasatynyň esasy ugry hökmünde ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamagy we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýär. Ýurdumyzyň ähli senagat taýdan ösen sebitlerinde şahamçalar ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Bankyň işiniň möhüm ugry bolup durýar we öz müşderileriniň bähbitlerini goraýar. Häzirki wagtda Bank bank işiniň dürli ugurlaryna degişli islendik zerurlyklary kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän hyzmatlar toplumyny hödürleýär.