• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Karzlaşdyryş

 

Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk edara görnüşli taraplar we hususy telekeçilerine

 

Karzyň görnüşi

Göterim derejesi

Möhleti

1

Zähmet haky

10%

1 ýyla çenli

2

Faktoring

16%

1 ýyla çenli

3

Söwda amallary we gaýry maksatlara

15%

2 ýyla çenli

4

Önümçilik maksatlaryna

7%

7 ýyla çenli

5

Hyzmatlar we gurluşyk  maksatlaryna

10%

5 ýyla çenli

6

Gurluşyk tehnikalaryny, awtoulaglary we ýük awtoulaglaryny satyn almak maksadyna

12%

3 ýyla çenli

7

Ýaşaýyş däl maksatly gozgalmaýan emläk satyn almaga

10%

8 ýyla çenli

8

Dolanşyk serişdeleriň doldyrmagy we gaýry maksatlaryna

10%

1 ýyla çenli

Karz ugry

8

Önümçilik maksatlaryna

8%

1 ýyla çenli

9

Hyzmatlar we gurluşyk maksatlaryna

10%

1 ýyla çenli

10

Söwda maksatlaryna

14%

1 ýyla çenli

 

(Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler)

KARZLAŞDYRYŞ

HORMATLY MÜŞDERILER!

       Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan haryt bazaryny ýerli önümlerden doldurmak we täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly hususy kärhanalaryň we telekeçileriň karz serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin, şu aşakdaky önümçilik karzlarynyň görnüşlerini hödürleýär:

    “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda çykaran 12446 belgili karary esasynda, telekeçileri we hususy kärhanalary karzlaşdyrmak,  ýyllyk 5% göterimden şu aşakdaky möhletler bilen amala aşyrylýar:

           Maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli;

           Dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli.

Karzlar maýa goýum taslamasyna boýunça 15% göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen karzlaşdyrylýar.

      Karzlaşdyrmaga şu aşakdaky maksatlary göz öňünde tutýan maýa goýum   taslamalary degişlidir:

senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek;        

bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi-önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary, furnituralary satyn almak;

infrastruktura obýektleriniň gurluşygyny goşmak bilen, gurluşygy ösdürmek;

gurluşyk materiallar senagatyny ösdürmek;

transporty, aragatnaşygy we maglumatlar tehnologiýasyny ösdürmek;

serwis hyzmatlaryny we ilata  durmuş taýdan  hyzmat etmegi ösdürmek;

saglygy goraýyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmek;

oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin  täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek;

öz oba hojalyk önümçiligiňi  ösdürmek we giňeltmek, gaýtadan işläp taýýarlanylýan önümiň göwrümini artdyrmak, şol sanda  oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal ýataklary, fermalary, kiçi-önümçiligi gurmak,  mallary, öý guşlary,
ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdeleri, ösümlikleri goramagyň  himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak;

halk çeperçilik senetleriniň we  amaly  sungatyň  önümlerini öndürmek;

Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik, telekeçilik işiniň, şol sanda innowasiýa  işiniň beýleki görnüşleri.

Müşderi önümçilik karzyny almak üçin şu aşakdaky resminamalary banka tabşyrýar;

  1.  Karz almak üçin arza;
  2. Fiziki şahslar üçin –şahsyýetini tassyklaýan resminamalar salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy, hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiň (eger ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan bolsa), şeýle hem işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň göçürme nusgalary;
  3. Hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;
  4. ýuridiki şahslar üçin – döwlet tarapyndan bellige alnandygy we salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamalaryň nusgalary, şeýle hem işiň ygtyýarnama almaga degişli degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň göçürme nusgalary;
  5. soňky hasabat senesi üçin balans we geçen 3 ýyl üçin balans;
  6. peýdalar we ýitgiler hakynda hasabat;
  7. karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum taslamalaryň iş meýilnamasy;
  8. karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgalary;

  “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda çykaran 942-nji karary esasynda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karzlary bermek şu aşakdaky möhletleri we göterimler bilen bilen amala aşyrylýar:

Oba hojalyk önümlerini öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýän ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýän geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhletde her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde;

Maldarçylygy we guşçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete.

Karzlar oba hojalyk önümlerini öndürijileriň taslamasy boýunça 15% göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen karzlaşdyrylýar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler önümçilik karzy almak üçin şu aşakdaky resminamalary banka tabşyrýar;

  1. Karz almak üçin arza;
  2. Fiziki şahslar üçin –şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ýer eýeleri üçin salgyt hasabyna goýulandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy;
  3. Ýuridiki şahslar üçin – döwlet tarapyndan bellige alnandygy we salgyt hasabyna goýulandygy hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary;
  4. Karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum taslamalaryň iş meýilnamasy;
  5. Karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap sypatnamalaryň göçürme nusgalary;
  6. Ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän ýa-da ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namalarynyň, ýerlere kärende hukugy barada Şertnamanyň göçürme nusgalary;

    Bank karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek bilen zerur goşmaça maglumatlary hem talap edip biler.

Ýeňillikli önümçilik karzlary almak üçin üpjünçilik hökmünde şu aşakdaky emläkleriň görnüşleri alnyp bilner.

  • Emlägiň girewini;
  • Kepillik  ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy;
  • Girew emlägi hökmünde, karz serişdeleriniň hasabyna alnan (satyn alnan mallardan we guşlardan gaýry) we Türkmenistana getirilen  emläk hyzmat edip biler.