Türkmenistanyň „Türkmenbaşy“ döwlet täjirçilik banky, ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmek maksady bilen, bankymyza degişli bolan “Goýum” bank kartlaryndan töleg terminallary arkaly Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl görnüşinde geçirlen amalyň möçberinden 0,5% göterimini “Cash back” höweslendiriş hyzmatyny ýola goýdy. Ýagny, “Goýum” bank kartyndan her bir geçirilen nagt däl amalyň 0,5% göterimini bankymyzyň “Cash back” Sylag Maksatnamasyna gatnaşmagyň Düzgünlerine laýyklykda, müşderiniň “Goýum” bank kartlaryna yzyna tölenýändigini habar berýär.
“Cash back” Sylag Maksatnamasyna gatnaşmagyň Düzgünleri bilen şu aşakdaky düwmä basmak arkaly tanyşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+993 12) 44-70-37, 44-71-72.