Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» Döwlet täjirçilik banky

(99312) 44-72-62

(99312) 44-71-19

Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019 ý.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

12.08.2019

Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

09.08.2019 ý.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryna we beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Milli Liderimiz zähmet rugsadyny döredijilik hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlady

04.08.2019

Elbetde, zähmet rugsadynyň günleri munuň üçin has-da uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz çeper döredijilik bilen meşgullanyp, türkmen alabaýy hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazdy. Tohum arassalygyny we gadymylygyny saklap galan bu itleri ahalteke bedewlerimiz, ajaýyp halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy mirasynyň bir bölegi diýip hasaplamak bolar.

Birinji Hazar ykdysady forumy täze neşiriň sahypalarynda

26.07.2019

«Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldaw bermeginde Astrahan oblastynyň administrasiýasy bilen bilelikde neşir edildi.

Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: «Baýramaly» şypahanasy

26.07.2019

Häzir Türkmenistanyň şypahana-sagaldyş ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sazlaşykly ösdürilýär. Baýry şypahanalaryň durky täzelenýär. Olaryň täze binalary gurulýar, dünýä standartlary derejesi üpjün edilýär.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara

19.07.2019

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

15.07.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek subut etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

05.07.2019ý.

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.