15.03.2021 ý.
Hormatly müşderiler!
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky, Milli bahar baýramy mynasybetli, bankyň «Altyn asyr» we «Maşgala» bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine 2021-nji ýylyň 25-nji fewralyndan 30-njy apreline çenli mebel we durmuş enjamlaryny satýan söwda nokatlarynda nagt däl görnüşinde (şol sanda, «Elektron-söwda», «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly) hasaplaşyklar geçirilende, her bir geçirilen amalyň möçberinden «Cash back» höweslendiriş pul sylagy hökmünde 2 göterim yzyna gaýtarlyp berilýändigini habar berýär.
Hormatly raýatlar! «Cash back» hyzmatynyň düzgünleri bilen bankymyzyň resmi www.tbbank.gov.tm internet sahypasy arkaly tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
(+993 12) 44-70-37, 44-71-72.