• Turkmen
  • Русский
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» Döwlet täjirçilik banky

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

13.03.2021 ý.

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Arbitraž kazyýet önümçiliginiň alnyp barylmagyny, bu ugurda telekeçilik bilen baglanyşykly işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namasy ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge, ykdysadyýet ulgamynda kanunçylygyň berkidilmegine ýardam etmäge gönükdirilip, rejelenen görnüşde 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizilýär.

«Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýäde milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakdan we wagyz etmekden ybaratdyr. Türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu ajaýyp tohum itleriň sanyny köpeltmek, ýurdumyzda itşynaslygyň ýokary hünär derejesindäki döwrebap düzümini döretmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm ugruna öwrüldi.

Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän uly orny hem-de olaryň köpýyllyk seçgiçilik işleri, bu tohum itleriň gelip çykyşy baradaky pikir ýöretmeleri, taryhy we medeni maglumatlary özünde jemleýär.

Soňky ýyllarda Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň janköýerleriniň sany barha artýar. Şunuň ýaly ägirt uly gyzyklanma göz öňünde tutulyp, geçen ýyl merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredilip, ol dürli ýurtlaryň itşynaslaryny Orta Aziýanyň meşhur goýun itleriniň taryhy watanynda bir ýere jemledi.

Soňra deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) taslamasy hödürlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda tebigy heläkçilikleriň we tehnogen hem-de tebigy häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň töwekgelçilikleriniň ýüze çykmagyny peseltmek, olary öz wagtynda öňünden duýdurmak üçin hemme çäreleriň görülýändigi bellenildi. Degişli döwlet edaralarynyň we düzümleriň mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, bu ulgamda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Hususan-da, Türkmenistan Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde 2015-nji ýylda geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda tassyklanylan 2015 — 2030-njy ýyllarda heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasyna gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol forumda çykyş edip, ýurdumyzyň bu ulgamda sebitiň döwletleriniň hem-de halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmäge, sebitde tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini öňünden duýdurmak we azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaga gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlaryny beýan etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk işlenilip taýýarlanyldy. Oňa Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň IV sammitinde gol çekildi.

“2019 — 2030-njy ýyllar üçin raýat goraglylygy boýunça döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini durmuşa geçirmek baradaky döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Şonda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çärelere, adatdan daşary ýagdaýlara we olara täsir etmäge, şol sanda degişli kanunçylyk binýadyny, döwrebap gyssagly lukmançylyk gullugyny döretmek, seýsmik howpsuzlygy, çölleşmä garşy göreşmegi berkitmek boýunça täsir etmelere taýýar bolmaga we beýlekilere üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, heläkçiligiň, tehnogen häsiýetli howply ýagdaýyň, weýrançylygyň, howply tebigy hadysanyň ýa-da beýleki heläkçilikleriň netijesinde belli bir ýerlerde emele gelen adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak hem-de ýok etmek bilen baglanyşykly işleriň hukuk we guramaçylyk esaslaryny ýola goýýan täze Kanunyň möhümdigi nygtaldy. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, bu resminamanyň kabul edilmegi adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň mümkin bolan derejede azaldylmagyna, şeýle hem adamlaryň janynyň halas edilmegine we saglygynyň ileri tutulmagyna, maddy we medeni gymmatlyklaryň ýitgileri wehiminiň ýüze çykan ýagdaýynda olaryň möçberini azaltmaga gönükdirilen çäreleriň netijeli geçirilmegine ýardam bermäge hyzmat etmelidir.

Soňra parlamentarilere rejelenen görnüşde taýýarlanan «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasydygyny nygtadylar. Ýurdumyz bu ýörelgä yzygiderli eýerip, ählumumy howplara hem-de wehimlere garşy göreşmekde işjeň orny eýeleýär, sebitde we dünýäde durnuklylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen we ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen halkara kadalary berjaý edip, Türkmenistan BMG-niň degişli konwensiýalarynyň, ylalaşyklarynyň we maksatnamalarynyň düzgünlerine pugta eýerýär, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça ählumumy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine netijeli gatnaşýar, bu ulgamda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, şeýle hem Jenaýatçylykly ýol bilen alnan pullaryň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreşmegiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan topar (FATF), jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa topary hem-de beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2024-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasyny” tassyklady. Bu resminamalar, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi göz öňünde tutulyp, Kanunyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy. Ol jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär, bu çygyrda pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk arkaly amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan şahslaryň, ygtyýarly edaranyň we beýleki döwlet edaralarynyň hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Maslahatda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň hasabaty diňlenildi. Hasabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň ykdysady, durmuş, medeni, syýasy hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek we berjaý etmek boýunça alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary beýan edildi hem-de bu ulgamda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine seljerme berildi.

Soňra «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygynda ilatyň saglygyny goramaga toplumlaýyn çemeleşmegiň, bu ulgamda ýörite Kanunlary kabul etmegiň möhümdigini nygtady.

“Adam üçin iň uly baýlyk onuň saglygydyr. Biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, döwletiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirmek üçin ähli tagallalary edýäris. Biz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri geljekde hem dowam etmelidiris” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Deputatlar ýokanç keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň gerimini we hilini giňeltmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleriň görülýändigini nygtadylar.

Bu ulgamda BSGG-niň tekliplerine laýyklykda hem-de milli kanunçylyk nazara alnyp işlenilip taýýarlanylan möhüm maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, dürli görnüşde dörän keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Soňra parlamentarileriň garamagyna «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýete yzygiderli geçmek meselelerine uly üns berilýär. Nebitgaz ulgamynda, elektroenergetikada, himiýa senagatynda, ulag ulgamynda, beýleki pudaklarda täzeçil, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Geçen ýylyň dekabr aýynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” tassyklady. Şonda bu ugurdaky ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem ýurdumyz Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) agzasydyr, bu ulgamda BMGÖM, ÝHHG hem-de beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, täze Kanun aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ol gaýtadan dikeldilýän çeşmeler babatda işleriň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär hem-de Gün, ýel energiýasy, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy, ýeriň we daşky gurşawyň ýylylygynyň energiýasy, ilkibaşky energiýa serişdeleriniň antropogen çeşmeleri (biomassa, biogaz we organiki galyndylardan alynýan beýleki ýangyç) bilen birlikde, şolaryň peýdalanylmagy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Şeýle hem deputatlar «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda», «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Şunuň bilen bir hatarda, maslahatda «Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda», «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky 122-nji Konwensiýany tassyklamak hakynda», «Patent hukugy hakyndaky Şertnama goşulmak hakynda», «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutyny esaslandyrmak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Mejlisiň kararlarynyň taslamalary hödürlenildi.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna garamaga çykarylan kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary ýokarda agzalan hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen depginli ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini oňyn çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.