• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikler

06.01.2023 ý.

Şu gün Pekinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz düýn döwlet sapary bilen HHR-e geldi.

Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň birek-birege hormat goýmak we netijelilik esasyndaky duşuşygy giň halkara seslenmä eýe bolup, Hytaýyň abraýly teleýaýlymlarynyň, metbugat we elektron neşirleriniň täzelikleriniň esasy mowzuklarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň sapary günlerinde Hytaýyň “Ženmin Žibao” atly merkezi gazeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady” atly makalasyny çap etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesinden bäri Aşgabat we Pekin döwletara gatnaşyklaryň has netijeli nusgasyny işläp taýýarlamagy başardylar. Munuň özi taraplaryň milli bähbitlerini hem-de türkmen we hytaý halklarynyň özboluşlylygyny nazara almak bilen, öňde durýan wezipeleriň meňzeşligini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Biziň halklarymyzy baryp Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ilkinji resmi gepleşikleri Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini nazara almak bilen, ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Ýurdumyz geçen ýyllaryň dowamynda ählumumy bähbitlere, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýoluna üstünlikli eýerip gelýär. Hut şu öňdengörüjilikli “Açyk gapylar” syýasaty ykdysady ösüşiň ýokary depgininiň üpjün edilmegi hem-de ýurdumyzyň dünýäniň iň gowy tejribesini, innowasion tehnologiýalaryny çekmäge çalyşýandygy bilen baglylykda, daşary ýurtly, şol sanda hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklara gyzyklanmasynyň barha artmagyny şertlendirýär. Olar bilen hyzmatdaşlykda giň gerimli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçiriji Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan esasy söwda ýoly bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde täze galkynyşa eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Bir söz bilen aýdylanda, biziň ýurtlarymyz köpasyrlyk dostluk däplerine daýanyp, sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýýarlar. Häzirki wagtda şol gatnaşyklar netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

...Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Pekiniň merkezi meýdançasy bolan Týananmen meýdançasynda ýerleşýän Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne tarap ugraýar. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz awtoulagdan düşende, top atylýar.

Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüniň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylaýar. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşýarlar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz we HHR-iň Başlygy resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşýarlar. Soňra olar haly düşelen ýodajyk bilen ýöräp, münbere geçýärler. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Soňra iki dostlukly döwletiň Baştutanlary Hytaýyň Azat ediş goşunynyň tugunyň deňine ýetip durýarlar we baş egip, tuga hormat goýýarlar. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar.

Soňra iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşyk geçirildi.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin belent mertebeli türkmen myhmanyny hytaý topragynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde Hytaýa ilkinji sapary şu gün bellenilýän şanly senä — iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygyna gabat geldi.

Hytaý Lideri soňky onýyllykda strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, şu duşuşygyň çäklerinde gol çekmäge taýýarlanylan resminamalarda berkidilen ylalaşyklaryň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

HHR-iň Başlygy döwlet Baştutanymyza hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine berýän goldawy üçin hoşallyk bildirip, ajaýyp ýolbaşçy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen, ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Şeýle-de HHR-iň Başlygy Si Szinpin döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza özi üçin islendik amatly wagtda Hytaýa gelip görmek baradaky çakylygy ýetirmegi haýyş etdi.

Soňra Hytaýyň Lideri Türkmenistanyň Prezidentine söz berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň adyndan HHR-iň Başlygy Si Szinpine myhmansöýerlik hem-de Pekinde mähirli kabul edilendigi, döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklary köpasyrlyk taryha eýedir. Şol döwrüň tutuş dowamynda iki halkyň arasynda özara düşünişmek, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, dünýägaraýyşlaryň ýakynlaşmagy bolup geçdi. Biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda üçin köpri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, medeni gatnaşyklar üçin hem ýol açdy. Biziň gatnaşyklarymyzyň taryhyna häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan baha bermek bilen, bu ýol türkmenleriň hem-de hytaýlylaryň ykbalynda ägirt uly orun eýeledi, bu täsin tejribäniň mirasdüşerleri hem-de dowam etdirijileri bolan biziň häzirki şertlerde hyzmatdaşlygy ösdürmegimiz, gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmagymyz şol döwürleriň dowamatlylygyny üpjün etmek üçin berk binýat boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýetilen belent derejesine buýsanyp bilerler. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy, ygtybarly hukuk binýady döredildi, Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda, partiýa we parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar giňeldilýär. Iki döwletiň we halkyň özara ýakynlaşmagynyň, onýyllyklary nazarlaýan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmagyň özboluşly nusgasy kemala gelýär.

2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň daýanç sütünini emele getirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklara baý many-mazmun berýär. Şu ýyl biz bu taryhy resminama gol çekilmeginiň 10 ýyllygyny belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününe gabat gelen şu döwlet saparynyň barşynda Türkmenistan bilen Hytaýyň, iki döwletiň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaljakdygyna ynam bildirip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna ajaýyp ýurda — Hytaýa gelmek baradaky çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik we hoşniýetlilik üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy” strategiýasy bilen has içgin utgaşdyrmak ugrunda çäreler işjeň alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistan bilen Hytaýa bu başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermek bilen, häzirki zaman meýillerine laýyklykda, Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlikleri ýakynlaşdyrmaga ýardam eder, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.

Däp bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa sebitine möhüm orun degişlidir. Bu babatda hem biziň ýurtlarymyzyň binýatlaýyn meýilleri ýakyndyr. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy Ýer ýüzüniň şu böleginde bähbitleriň köptaraplaýyn deňeçerligine hem-de ýüze çykýan meseleleri çözmekde syýasy-diplomatik usullara ygrarlylyga esaslanýan howpsuzlygyň mäkäm ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, syýasy hyzmatdaşlygyň täze “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşiniň bu işlere oňyn goşant goşýandygyny bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmekde parlamentara gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýäris. Bu gatnaşyklara biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň ýakynlaşmagynyň, özara düşünişmeginiň örän gymmatly guraly hökmünde garaýarys. Türkmen we hytaý parlamentarileriniň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, yzygiderli özara alyşmak iş tejribesini ýola goýmak ugrunda çykyş etmek bilen, biz şu ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýyl-ýyldan barha ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk durnukly, okgunly häsiýete eýedir hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýar. Ýangyç-energetika ulgamy Türkmenistan bilen HHR-iň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly kuwwata eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda biz dostlukly ýurduň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini hem-de Türkmenistanyň serişdeler binýadynyň mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji ugrunyň gurluşygynyň taslamasy içgin ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli üstaşyr ulag hem-de logistika infrastrukturasynyň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemlär. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän amatly guryýer ugruny açýar.

Netijeli syýasy dialog, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, türkmen-hytaý gatnaşyklarynda bilim, medeniýet, ylym, sport, saglygy goraýyş meseleleri hem möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň biziň ýaşlarymyzy okuwa kabul etmäge taýýardyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hytaý diliniň öwrenilmegine uly üns berilýändigi nygtaldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dili okadylýar.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň geçen ýyl geçirilen ХХ gurultaýy Hytaý Halk Respublikasynyň ähli ulgamlarda mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlän taryhy waka boldy. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylaryny gurultaýyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, onuň döredijilikli netijeleriniň diňe bir Hytaýyň öz ösüşine däl, eýsem, tutuş dünýädäki ýagdaýlara hem ägirt uly oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Liderine Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan ägirt uly şahsy goşandy, ýurdumyz bilen gatnaşyklara berýän hemişelik ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki gepleşiklere uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi, şeýle hem Türkmenistan tarapyndan Hytaýyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň goldanylýandygy üçin hoşallyk bildirildi.

Iki ýurduň “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde işjeň hyzmatdaşlyk etmegi hem biziň özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga ýardam edýär diýip, HHR-iň Başlygy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň nobatdaky mejlisini ýakyn wagtda geçirmegi teklip etdi.

Hytaý Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri barada durup geçip, däp bolan ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlaryny, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryny we beýleki köp sanly ugurlary özara bähbitleriň gabat gelýän möhüm ulgamlarynyň hatarynda görkezdi. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň üstüne uly wezipeler ýüklenilýär.

Nygtalyşy ýaly, ynsanperwer ulgam, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hytaý we türkmen halklarynyň köpasyrlyk dostluk däplerine, özara ynanyşmagyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan giň gerimli döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça içgin pikir alyşdylar, şeýle-de halkara we sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra duşuşyk çäkli düzümde dowam etdi. Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de guramaga esasy çemeleşmeler beýan edildi. Özara ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak şol gatnaşyklaryň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Dürli derejelerde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde özara goldaw bermegiň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, taraplaryň iki dostlukly döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar hem-de şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleriniň şol maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Bu ýere ýygnananlaryň dowamly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekýärler.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda däp bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe beýleki möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “ýaşyl” ösüş babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin Žibao» gazetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Media korporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda saglygy goraýyş pudagynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy; Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem saparyň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşygyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.

Günortanlyk naharyndan soň, iki döwletiň Baştutanlary mähirli hoşlaşyp, şu gün gazanylan möhüm ylalaşyklaryň türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ýardam etjekdigine berk ynam bildirdiler.

Şeýlelikde, uly üstünlige eýe bolan şu gezekki ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara hem-de açylýan uly mümkinçiliklere göz ýetirmäge esaslanýan strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Ileri tutulýan ugurlaryň ählisinde türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýene-de Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy we şol ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan hem-de HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşyklary geçirdi.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komitetiň hytaý böleginiň agzalary bilen gepleşikleri geçirdiler. Olarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, ony iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Taraplar iki ýurduň, olaryň Liderleriniň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek, hormat goýmak gatnaşyklarynyň hökümetara we edaralar derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar bilen bilelikde, birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmäge amatly binýady döredýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlar şol ugurlaryň hataryndadyr. Bu ulgamlardaky hyzmatdaşlyk iki dostlukly döwletiň ösüş ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň çäklerindäki sazlaşykly işiň möhümdigi bellenildi. Komitetiň işi hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny ýüze çykarmaga we gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Şeýle-de şu gün ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Ýaş ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza ýaşlar barada edilýän alada, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan edip, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda ata Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Bu wakadan ýadygärlik hökmünde talyplara hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby gowşuryldy.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Hytaýyň Milli muzeýine tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Hytaý halkynyň baý sungatyny we geçmiş taryhyny aýawly saklamak, wagyz etmek maksady bilen döredilen dünýädäki iri muzeýiň täsin gymmatlyklaryny synlady.

Häzirki wagtda bu dünýä belli muzeýiň gaznalarynda gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli Hytaýyň ösüşiniň esasy taryhy döwürleri barada gürrüň berýän gymmatlyklaryň bir milliondan gowragy saklanylýar. Bu ýerdäki baý miras ýüzýyllyklaryň dowamynda biziň medeniýetlerimiziň özara aralaşmagynyň hem-de özara baýlaşmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Beýik Ýüpek ýoly medeniýetleriň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi. Bilelikdäki tagallalar bilen täze görnüşde dikeldilýän bu meşhur ýol häzirki wagtda diňe bir Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky iri söwda ýoluna öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, özleriniň däplerine we taryhyna aýawly garaýan türkmen hem-de hytaý halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup durýar.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline geldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagat dowam eden uçuşy amala aşyryp, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň örän netijeli bolmagy bilen gutlap, gazanylan ylalaşyklaryň däp bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze derejesine çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.