Hasaplaşyk-kassa hyzmaty

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB telekeçilere we ýuridiki şahslara pul serişdeleriniň hereketine hyzmat etmek bilen baglanyşykly wajyp işleriň biriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin milli pulda hasaplaşyk (şol wagtky) hasaplaryny açmak we alyp barmak boýunça hyzmatlary hödürleýär.

Dowamy...

Karzlaşdyryş

Hususy adamlar üçin niýetlenilen karz amallary

Sarp ediş maksatlary üçin berilýän karzlar – raýatlaryň durmuş çykdajylaryny tölemäge we hususy serişdeleri satyn almaklaryna berilýän karz bolup, karzyň raýatlaryň zähmet iş hakyndan, dürli görnüşli paýnamalardan alynýan girdejilerinden, telekeçilik işlerinden alynýan girdejilerinden, goýumlardan alynýan girdejilerinden, hususyýetçiligindäki serişdeleri kärendesine bermekden alynýan girdejilerinden, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik girdejileriň hasabyna gaýtarylmagyny göz öňünde tutýar.

Goýumlar

„Watan gerçekleri“ goýumy

Goýumyň bu görnüşine diňe Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we olaryň yzynda ýeke galan aýallaryna, beýleki döwletleriň territoriýalarynda bolan söweşlere gatnaşan weteranlara, Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky tyl zähmet weteranlaryndan pul serişdeleri kabul edilýär.

Dowamy...

“Ýyldyrym” pul geçirimleri

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky hyzmatlaryň şu aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:

“Ýyldyrym” pul serişdelerini geçirmegiň elektron ulgamy

Milli pulda “Ýyldyrym” pul serişdelerini geçirmegiň elektron ulgamy Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň önümi bolup, Türkmenistanyň sebitlerinde ilata hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin ornaşdyrylandyr.

Dowamy...

Seýfleriň kärendä berilmegi

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB müşderilere (fiziki we ýuridiki şahslara) şäheriň merkezi gorag ulgamyna birikdirilmegi arkaly goragyň iň häzirki zaman ulgamy bilen enjamlaşdyrylan we goraglylygyň ýokary derejesine eýe bolan bankyň ýörite gurnalan otagynda ýerleşdirilen hususy seýfleri kärendesine hödürleýär.

Dowamy...

Pul-alyş-çalyş amallary

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky müşderilerimiziň isleglerinden hem-de bank hyzmatlarynyň dünýä ülňülerinden ugur alyp, häzirki zaman bank tehnologiýalaryny özleşdirýär, hyzmatlar toplumyny täzeleýär we kämilleşdirýär.

Dowamy...

“Altyn –Asyr” bank kartlary

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB Türkmenistanyň Prezidentiniň 11. 01. 2008-nji ýyldaky №9362 belgili Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Altyn –Asyr” bank kartlar ulgamyny ornaşdyrmak, ýaýratmak we ösdürmek boýunça işleri işjeňlik bilen alyp barýar.

Dowamy...

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky

H. Annadurdyýew (2026) köç., 54,

Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Aşgabat (Baş ofisi):

(99312) 44-72-62; 44-71-19