“Altyn –Asyr” bank kartlary

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB Türkmenistanyň Prezidentiniň 11. 01. 2008-nji ýyldaky №9362 belgili Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Altyn –Asyr” bank kartlar ulgamyny ornaşdyrmak, ýaýratmak we ösdürmek boýunça işleri işjeňlik bilen alyp barýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-da 309543 sany kart hasaplary açyldy we olary möçberi günsaýyn artýar.

Töleg terminallarynyň 2072-si gurnaldy. Olaryň 1658-si söwda nokatlarynda we nagt däl hasaplaşyklar üçin hyzmat ediş nokatlaryndadyr.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-nyň ulgamy boýunça bankomatlaryň 360 sanysy hyzmat edýär.

Bankomatlar Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-nyň ähli şahamçalarynda we beýleki nokatlarda -- söwda merkezlerinde, howa menzillerinde, kärhanalarda we guramalarda gurnalandyr.

Eýýäm häzirki wagtda tehniki enjamlar arkaly “Altyn Asyr” we CDMA öýjükli aragatnaşygynyň töleg hyzmaty, bankomatlar we maglumat kiosklary arkaly “Altyn Asyr” hyzmat ediş bank kartlary hereket edýär.

“Prezident” TDTB-dan nagt däl görnüşde alnan uzakmöhletli karzlary pul bankomatlarynyň üsti bilen tölemek mümkinçiligi ornaşdyrylandyr. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň banklaryndan karzlaryň dürli görnüşlerini alan “Altyn Asyr” kartlarynyň eýeleriniň hemmesine bu mümkinçiligi teklip etmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda öý telefonlaryny bankomatlaryň we maglumat kiosklarynyň üsti bilen nagt däl usulynda tölemek üçin Türkmenistanyň ŞTU-ny bu ulgama birikdirmek meýilleşdirilýär hem-de töleg geçirmegiň beýleki görnüşleri ornaşdyrylar.

Häzirki günde müşderileri çekmek maksady bilen, nagt pul serişdeleri alnanda we hyzmatlar nagt däl usulynda tölenende, bank kartlarynyň eýelerinden hiç hili göterim alynmaýar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB häzirki günde we geljekde amatly şertleri döretmek we ýurdumyzyň ilatyny durmuş taýdan goldamak maksady bilen, ýurtda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak boýunça işleri işjeň alyp barar.

Goşmaça maglumatlary Siz biziň bankymyza gelip, ýa-da şu aşakdaky telefon belgiler boýunça alyp bilersiňiz:
44-71-75 (78,79), 44-70-26.

Edil şunuň ýaly hem özüňizi gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-nyň ýüz tutup bilersiňiz:

Şahamçalarymyzyň ýerleşýän salgylary

 

Terminaly hasaba almak üçin resminamalaryň sanawy

 

Hususy telekeçiler üçin:

  • Terminaly gurnamak barada arza
  • Pasportyň nusgasy
  • Patentiň nusgasy
  • Hususy telekiçiniň bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy
  • Dükany kärendä bermek barada şertnamanyň nusgasy
  • Hyzmat edýän bankynyň rekwizitleri (hasaplaşyk hasabynyň belgisi, şahsy salgyt belgisi, bankyň anyklaýyş belgisi)

Ýuridiki tarap bolan kärhanany üçin:

  • Terminaly gurnamak barada resmi hat
  • Maddy jogapkärçiligi çekýän işgäre berlen ynanç haty
  • Maddy jogapkärçiligi çekýän işgäriň pasportynyň nusgasy
  • Edarany döwlet tarapyndan bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy*
  • Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasy*
  • Kärhananyň Tertipnamasynyň nusgasy*
  • Esaslandyryjy şertnamanyň nusgasy*
  • Dükany kärendä bermek barada şertnamanyň ýa-da eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamanyň edaranyň möhüri bilen tassyklanan nusgasy
  • Kärhananyň dolandyryjysyny saýlamak barada esaslandyryjylaryň Umumy ýygnagynyň ýazgysynyň nusgasy
  • Hyzmat edýän bankynyň rekwizitleri (hasaplaşyk hasabynyň belgisi, şahsy salgyt belgisi, bankyň anyklaýyş belgisi)

Ýuridiki tarap bolan döwlet kärhanany üçin:

  • Terminaly gurnamak barada resmi hat
  • Maddy jogapkärçiligi çekýän işgäre berlen ynanç haty
  • Maddy jogapkärçiligi çekýän işgäriň pasportynyň nusgasy
  • Edarany döwlet tarapyndan bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy*
  • Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasy*
  • Kärhananyň Tertipnamasynyň nusgasy*
  • Dükany kärendä bermek barada şertnamanyň ýa-da eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamanyň edaranyň möhüri bilen tassyklanan nusgasy
  • Hyzmat edýän bankynyň rekwizitleri (hasaplaşyk hasabynyň belgisi, şahsy salgyt belgisi, bankyň anyklaýyş belgisi)

*Resminamalaryň kanuna laýyklykda tassyklanan nusgalary