"3-6 aý depozitler"
Goýumyň möçberi çäklendirilmedik.
Goýum nagt pul serişdelerini goýmak ýoly bilen açylýar.
Goýuma goşmaça pul serişdelerini goýmaklyga we goýumdan pul serişdelerini bölekleýin almaklyga rugsat berilmeýär.
“Möhletli” goýumy
Goýumyň iň az möçberi - 100 manat. Goýum bir ýyl möhletli açylýar.
- Goýumyň ýokary çäk möçberi çäklendirilmedik.
- Goýumyň göterimi – ýyllyk 9%;
- Goýumy nagt we nagt däl görnüşinde („Altyn Asyr“ bank kartynyň hasabyndan geçirilen pul serişdeler arkaly) ýa-da beýleki möhleti gutaran goýumlardan boşan pul serişdeleriň hasabyna, şeýle-de şu goýuma ýa-da başga bir goýuma hasaplanan göterim möçberi arkaly goýum hasabyny açmaklyga we goýumyň üstüni doldyrmaklyga rugsat berilýär.
Göterimler her aýda hasaplanylýar. Goýumçynyň islegine görä göterim haklary esasy goýuma geçirilýär ýa-da goýumça nagt görnüşinde berilýär.
Şertnamanyň möhleti gutarýança göterim derejesi üýtgedilmeýär.
“Milli manadym - milli baýlygym” goýumy
Hormatly adamlar!
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky, ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli puly-manadyň dolanşyga girizilen güni mynasybetli “Milli manadym - milli baýlygym” atly möhletli goýumyny hödürleýär.
“Milli manadym - milli baýlygym” möhletli goýumy ýyllyk 11% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar, şeýle hem goýuma pul serişdeleri nagt we “Altyn asyr” bank kartynyň hasabyndan nagt däl görnüşinde geçirilen ýagdaýynda kabul edilip bilner. Goyumyň iň az möçberi 1 000 (bir müň) manatdan başlap, 1 000 000 (bir million) manat möçbere çenli kabul edilýär.
Hormatly adamlar! Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky, “Milli manadym - milli baýlygym” atly täze goýumyň 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 30-njy dekabryna çenli açylýandygyny ýatladýar.
Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi diwanyna we onuň şahamçalaryna ýüz tutup bilersiniz
"Ruhybelent Nesilleri" goýumy
Goýumyň bu görnüşi 14 ýaşa ýetmedik çagalaryň adyna açylýar we goýumçy 18 ýaşa ýetýänçe hereket edýär.
“Pensiýa“ goýumy
Goýumyň bu görnüşine pensiýa ýaşyndaky raýatlara bir ýyl möhletli açylýar.
Şertnamanyň möhleti gutarýança göterim derejesi üýtgedilmeýär.
"Watan gerçekleri" goýumy
Goýumyň bu görnüşine diňe Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we olaryň yzynda ýeke galan aýallaryna, beýleki döwletleriň çäginde bolan söweşlere gatnaşan weteranlara, Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky tyl zähmet weteranlaryndan pul serişdeleri kabul edilýär.
Göterimler her aýda hasaplanylýar. Şertnamanyň möhleti gutarýança göterim derejesi üýtgedilmeýär.
Türkmenistanyň „Türkmenbaşy“ paýdarlar täjirçilik bankynyň ähli şahamçalary goýuma goýlan pul serişdeleriň goraglygyny we goýumçylara birinji talaby boýunça olaryň berilmegini üpjün edýärler.
Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi diwanyna we onuň şahamçalaryna ýüz tutup bilersiniz:
Merkezi diwan:
Çandybil şaýoly, 121 j. tel: 44-42-96, 44-41-85, 44-41-87
Köpetdag şahamçasy:
B.Garryýew köç., 2A j., tel: 94-24-68; 94-27-93
Azatlyk şahamçasy:
B.Annanow köç., 165 j., tel: 28-06-82, 76-10-77 (148)
Çandybil şahamçasy:
10 ýyl abadançylyk köç., 165 j., tel:21-71-54, 21-89-44
Aşgabat şahamçasy:
H.Annadurdyýew.köç, 54 j. tel: 44-70-07
Büzmeýin şahamçasy:
Gündogar köç., 3 j., tel: 33-15-42, 33-11-42
Ahal welaýatynyň Sarahs şäher şahamçasy:
Şeýdaýy köç., j. 1, tel: (800134) 44-0-17; 44-0-15
Mary welaýat şahamçasy:
S.Nyýazow köç., 9 j., tel: (8522) 6-03-78, 6-13-62
Balkanabat welaýat şahamçasy:
Nebitçiler şaýoly, 195 kw., tel: (800222) 7-26-04, 7-45-85
Lebap welaýat şahamçasy:
Ahal köç., 6 j., tel: (800422) 3-62-69,3-37-77
Daşoguz welaýat şahamçasy:
Al-Horezmi köç., 29 j., tel: (800322) 9-10-56, 9-00-25