Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky hyzmatlaryň şu aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:

“Ýyldyrym” pul serişdelerini geçirmegiň elektron ulgamy

Milli pulda “Ýyldyrym” pul serişdelerini geçirmegiň elektron ulgamy Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň önümi bolup, Türkmenistanyň sebitlerinde ilata hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin ornaşdyrylandyr.

Hyzmatlaryň öňdebaryjy täze görnüşi Türkmenistanyň dürli şäherlerinde we ilatly nokatlarynda Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-yň edaralarynyň amanat kassalarynyň bölümleriniň üsti bilen “ýyldyrym çaltlygynda” gysga möhletde, gyssagly pul geçirimlerini amala aşyrmaga hem-de pul serişdelerini almaga mümkinçilik berer.

Bankyň gyssagly pul geçirimleri – bu ene-atalaryň Aşgabatdan Türkmenistanyň beýleki ilatly nokatlaryna we tersine çagalara, harby gullukçylara, talyplara, okuwçylara, ýaş maşgalalara, dynç alýanlara, iş saparlaryna gidenlere we işewür adamlara (telekeçilere) maddy kömeginiň ygytabarly guraly bolup durýar.

Ýurduň ilaty üçin nagt pul serişdeleriniň bankara geçirimleri olara örän az wagtyň içinde puly bir şäherden beýleki şähere aşyrmak bilen baglanyşykly iň az çykdajyly hem-de hiç hili töwekgelçiliksiz geçirmäge mümkinçilik berer.

Goýumlardan pul serişdelerini pasportyny ýa-da pasportyň ýerini çalşyp bilýän beýleki resminamany görkezmek bilen, Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlar geçirip bilerler.

Pul serişdeleriniň elektron geçirimleri talap edilýänçä hasabyna girizilen serişdelerden nagt pul serişdeleri bilen bolşy ýaly, zähmet iş hakyndan geçirmeler arkaly amala aşyrylýar.

Gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça şahamçalarymyza ýüz tutup bolar:

Şahamçalarymyzyň ýerleşýän salgylary

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik banky

H. Annadurdyýew (2026) köç., 54,

Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Aşgabat (Baş ofisi):

(99312) 44-72-62; 44-71-19