Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» Döwlet täjirçilik banky

(99312) 44-72-62

(99312) 44-71-19

TÜRKMENISTANYŇ „TÜRKMENBAŞY“ DÖWLET TÄJIRÇILIK BANKY ERKIN PUL SERIŞDELERIŇIZI AMATLY ŞERTLERDE ÝERLEŞDIRMEGI HÖDÜRLEÝÄR.

      Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmek we raýatlaryň tygşytlan pul serişdelerini ykdysady dolanşyga girizmek maksady bilen, ýyllyk 6% göterim möçberi bilen “Goýum bank karty” atly bank hyzmaty hödürleýär. Siz Goýum bank kartynyň üsti bilen şu aşakdaky amatlylyklardan peýdalanyp bilersiňiz:

  • Goýum bank kartyna çäklendirilmedik möçberde nagt pul serişdelerini doldurmaga we islendik wagtda yzyna almaga;
  • Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge;
  • Altyn-asyr kartly töleg ulgamynda ýola goýlan hyzmatlary, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, öýjükli aragatnaşyk, internet,
    IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryny tölemäge;    

         “Goýum bank kartyny” açmak üçin Türkmenistanyň „Türkmenbaşy“ döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna we ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiniz.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

 (+993 12) 44-72-08, 44-72-09.